Serdar Berdimuhamedow: “Türkmenistan “VINCI-niň” täze taslamalar boýunça tekliplerine açykdyr”

  • 26.09.2022 12:34
  • 9.8k+

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Kadrini kabul etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Aşgabada ilkinji gezek gelip görýändigini, onuň gözel keşbine haýran galandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezident we myhman işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Patrik Kadri türkmen bazarynyň Fransiýanyň, umuman, Ýewropanyň işewür toparlary üçin aýratyn özüne çekijidigini, munuň döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasaty hem-de ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşi bilen şertlendirilýändigini belläp, fransiýaly hyzmatdaşlaryň täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uzak möhletleýin esasda işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýokary öndürijilikli öňdebaryjy tehnologiýalara, innowasion binagärlik taslamalaryna hem-de inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalara bolan zerurlygy artdyrýar. Bu babatda Türkmenistan halkara işewür toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri, şol sanda fransuz kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, iň gowy dünýä tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň fransuz hünärmenleri — binagärler hem-de taslamaçylar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny, arasynda “VINCI” kompaniýasy hem bolan öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýändigini belläp, türkmen tarapynyň geljegi uly täze taslamalar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.


düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

31.05.2026 13:30
7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......