Gonkongda sebite gelýänler üçin hökmany karantin ýatyrylar

  • 25.09.2022 13:42
  • 9.8k+

26-njy sentýabrdan başlap Gonkongda daşary ýurtly syýahatçylar üçin sebite geleniňde myhmanhanada hökmany karantinden geçmek talaby ýatyrylar. Bu barada ýörite administratiw sebitiň baştutany Jon Li aýtdy diýip, interfax.ru habar berýär. Karantin talaby iki ýyl bäri hereket edýär.

South China Morning Post-yň ýazmagyna görä, indi islendik myhmanhana ýerleşen syýahatçylara diňe üç gün lukmançylyk gözegçiliginde bolmak ýeterlikdir, olar myhmanhanadan çykyp hem bilýärler.
Bloomberg karantiniň ýatyrylmagynyň COVID-19 hadysasynyň gündelik sanynyň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Ýagny, günde ýüze çykarylýan hadysalaryň sany 6 müňden az, sentýabr aýynyň başynda bu görkeziji 10 müňden geçýärdi.
Awgust aýynda Gonkongyň häkimiýetleri 10 günlük karantini üç günlük karantini we dört gün lukmançylyk gözegçiligini göz öňünde tutýan 3+4 formatyna çenli gysgaltdylar. COVID-19 üçin otrisatel barlaglary bolan syýahatçylar bu dört günüň dowamynda şäherde hereket edip bilýärdiler, ýöne birnäçe çäklendirmeler bardy. 26-njy sentýabrdan 0+3 formaty girizilýär.


10.06.2026 16:40
2.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......