Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady

  • 24.09.2022 13:11
  • 5.9k+

Nýu-Ýork dünýäniň iň uly maliýe merkezleriniň sanawynda birinji orny eýeledi diýlip, Z/Yen Group Ltd. maliýe konsalting kompaniýasynyň synynda aýdylýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Dört ýyl mundan ozal Nýu-Ýork reýtingde Londondan öňe geçdi we şondan bäri öňdebaryjylygy bermän gelýär. Reýtingiň mart aýynda neşir edilen öňki görnüşi bilen deňeşdirilende, Nýu-Ýork 1 utuk gazanyp, häzir 760 görkeziji bilen liderlik edýär, London bolsa bäş utuk gazanyp, görkezijini 731-e ýetirdi.
Liderleriň üçlügini Gonkongy dördünji orna düşüren we Londona bäş utuk aralyk bilen ýakynlaşan Singapur jemleýär. Bäşinji orny San-Fransisko, altynjy orny Şanhaý, ýedinji orny Los-Anjeles, sekizinji orny Pekin, dokuzynjy orny Şençžen, onunjy orny bolsa Pariž eýeleýär.
Sidneý birbada 10 orun ýokary galyp, 13-nji orny eýeledi. Berlin 16 orun süýşdi we häzir 26-njy orunda ýerleşýär.
Indeksde birden pese gaçyşy Jakarta görkezdi, ol birbada 26 orun, ýagny 95-nji orna yza çekildi. Liderleriň arasynda Tokio ýaramaz netije görkezdi, ol ýedi setir aşak düşüp, 16-njy orny eýeledi.
Geljek iki-üç ýylyň dowamynda haýsy maliýe merkezleriniň öz täsirini ýokarlandyrjakdygy baradaky soraga jogap berenler Seul, Singapur we Gujrat ýaly şäherleri bellediler.
Dünýäniň maliýe merkezleriniň indeksi ilkinji gezek 2007-nji ýylda neşir edildi we her ýarym ýyldan täzelenýär (häzirki hasap boýunça 32-nji boldy). Soňky reýting 11,9 müňden gowrak adamdan pikir soraşmanyň esasynda düzüldi.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......