Türkmenistanda ýaş maşgalalara ýyllyk 1%-li 3 ýyllyk möhlet bilen 20 müň manat karz serişdeler berler

  • 23.09.2022 23:17
  • 41k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda bellenildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberi 20 müň manada çenli ýokarlandyryldy.
Merkezi bank Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek barada teklipleri bir aý möhletde taýýarlap, ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna berer.
Bellenilişi ýaly, bu resminama bu ugurdaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljermelere laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň her ýyl yzygiderli artdyrylýandygy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.
Bu resminamanyň ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow resminama laýyklykda ýaş maşgalalara ýyllyk 1 göterimli 3 ýyllyk möhlet bilen 20 müň manat karz serişdeleriniň beriljekdigini aýtdy.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......