«Jeýms Uebb» teleskopy Marsyň ilkinji şekillerini ýollady

  • 22.09.2022 12:16
  • 8.4k+

«Jeýms Uebb» älem teleskopy Marsyň ilkinji şekillerini ýollady. Suratlar Gyzyl planetanyň atmosferasy we beýleki apparatlaryň tutup bilmejek gymmatly gazlary hakynda wajyp maglumatlary şöhlelendirýär diýip, NASA-nyň saýtyndaky habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, fotosuratlar biçak duýgurlyk bilen infragyzyl diapazonda alnan. Olar Marsyň gündogar ýarymşaryny tutuşlyga görkezýär.
Bu suratlar — «Jeýms Uebb» üçin hakyky üstünlik. Sebäbi Mars ýaly şeýle golaý planetalary surata düşürmek oňa aňsat däl. Teleskop uzak obýektleri tapmak üçin işlenip taýýarlanan, şol bir wagtda Marsdan gaýdýan infragyzyl gün şöhlesi teleskopyň detektorlaryna agram salýar.
Şeýle hem, Gyzyl planetanyň Gün ulgamy boýunça ýerini tiz üýtgedýänligi sebäpli Marsy surata almak juda kyn. «Jeýms Uebb» bolsa hereketsiz obýektleri surata düşürmek üçin döredilen.


düýn 16:17
1.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
1.8k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.6k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....