Apple App Store-däki bahalaryny galdyrýar

  • 21.09.2022 16:33
  • 6k+

5-nji oktýabrdan başlap ýewro ulanýan ähli ýurtlarda we sebitlerde, şeýle hem Çilide, Müsürde, Ýaponiýada, Malaýziýada, Pakistanda, Günorta Koreýada we Wýetnamda App Store-niň içindäki goşundylaryň we goşundylaryň içinden satyn almalaryň bahasy ýokarlanar. Bahalaryň galmagy häzirki wagtda ýewronyň ABŞ-yň dollaryna gatnaşygynda pese düşmeginiň netijesidir.

Apple işläp taýýarlaýjylara, olar öz goşundylaryna baha berip biler ýaly, deslap bellenen derejäni berýär, indiki aý bolsa şol derejeler, ýewronyň kursuna baglylykda galýar. Mysal üçin, birinji dereje 0,99 ýewrodan 1,19 ýewro galdyrylar, aňrybaş dereje bolsa 999 ýewrodan 1119 ýewro çenli galar.
Apple yzygiderli ýagdaýda dünýä boýunça App Store-däki baha derejelerine düzediş girizip durýar. Bahalaryň galmagy awtomatik usulda täzelenýän abuna ýazylyşygyna täsirini ýetirmeýär.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....