Türkmenistanyň wekiliýeti «DÖM pursady» atly BMG-niň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy

  • 20.09.2022 23:34
  • 6.4k+

19-njy sentýabrda BMG-niň ştab-kwartirasynda «DÖM pursady» atly ýokary derejeli çäre geçirildi. Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermek maksady bilen gurnalan çärä BMG-niň ýolbaşçylary, dünýä liderleri,, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti, Hoşniýetliligiň ilçileri, şeýle hem döwlet we hususy ulgamlaryň, akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Çäräni açmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş häzirki wagtda dünýäde dürli gapma-garşylyklar we tebigy heläkçilikler, ynanyşmazlyklar we bölünişikler, garyplyk, deňsizlik we hukuk kemsitmeleri, azyk harytlaryň we energiýa serişdeleriniň bahalarynyň artmagy, işsizlik we girdejileriň azalmagy, adamlaryň toparlaýyn göçmegi, ählumumy pandemiýanyň dowam edýän netijeleri we ösüp barýan ýurtlarda dikeltmek çärelerini geçirmek üçin maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi ýaly birnäçe meseleler bilen duş gelýändigini belledi.
Köpsanly meseleleri ýeňip geçmek üçin, BMG-de aýdylyşy ýaly, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşine üpjün etmek, azyk haryt ulgamynda özgertmeleri geçirmek we sanly ulgamyň mümkinçilikelrini giňeltmek hem-de adamlaryň bähbidine maýa goýumlary artdyrmak zerurdyr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy Çaba Körýöşi öz çykyşynyň dowamynda Antoniu Guterrişiň sözlerini gaýtalamak bilen, häzirki wagtda dünýäniň yza galýandygyny, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge özüňi bagyşlamagyň zerurdygyny we öz wagtyndalygyny nygtady.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......