Aşgabadyň Wokzalyna Hytaýdan satyn alnan 2 sany lokomotiw otlusy geldi

  • 20.09.2022 16:17
  • 33k+

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabadyň Demir ýol menziline «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Hytaýyň CRRC Ziyang CO., LTD. kompaniýasyndan satyn alnan 15 sany ýokary kuwwatlygy bolan täze ýük teplowozynyň ikisi gelip gowuşdy.

Galanlary 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli Türkmenistana tapgyrlaýyn getiriler diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Lokomotiwleriň her biri biri-birine seplenen iki wagondan ybarat. Kuwwatly dizel hereketlendirijileri oturdylan teplowozlar tizligini 100 km/sag-a çenli artdyryp we ýükleriň örän uly möçberini daşap bilýär. Täze lokomotiwleriň kuwwaty, Türkmenistanda öňki ulanylyp ýörlenler bilen deňeşdirilende, 1600 kWt ýokarydyr.
Şeýle hem, üstümizdäki ýylyň noýabrynda ýurdumyza Brýanskiniň maşyngurluşyk zawodynda öndürilen, häsiýetnamasy boýunça şu teplowozlara meňzeş ýene bäş teplowoz geler.
Täze dizel teplowozlary Türkmenistanyň ulag kuwwatyny ýokarlandyrmaga, içerki we üstaşyr ýükleriň daşalyşynyň möçberlerini, şeýle hem olaryň ulagly daşalyşynyň tizligini artdyrmaklyga ýardam eder.


18.06.2026 18:14
872

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

04.06.2026 16:07
3.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......