Türkmenistanda sanly diplomatiýany ösdürmek boýunça täze teklipler beýan edildi

  • 19.09.2022 13:46
  • 5.5k+

17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna ýurdumyzyň diplomatik gulluklarynyň halkara maglumat giňişligindäki çärelerini işjeňleşdirmek we milli sanly diplomatiýanyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan birnäçe teklipler hödürlenildi.

Hususan-da, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň elektron aragatnaşyk ulgamyny artdyrmak we onuň bitewüligini emele getirmek maksady bilen, özbaşdak Milli sanly tory döretmek teklibini beýan etdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň sanly muzeýini döretmek boýunça teklipler aýdyldy.
Ählumumy media giňişliginde Türkmenistan baradaky maglumatlary dessin we yzygiderli ýaýratmak maksady bilen, iri halkara sanly media kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ýakyn wagtda degişli geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, programma üpjünçiligini ýola goýmagyň çäklerinde diplomatik gulluklaryň ykjam telefonlary üçin media binýatlaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak teklip edilýär.
Döwlet Baştutany elektron media serişdeleriniň, maglumat tehnologiýalarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň täze aragatnaşyk gurşawynyň döredilmegini üpjün edendigini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......