Serdar Berdimuhamedow ýol gurluşygy işlerini maliýeleşdirmegiň meselelerini has içgin öwrenmegi tabşyrdy

  • 18.09.2022 13:49
  • 28k+

Türkmenistanda awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we olary ulanmak boýunça işleriň çenlik ölçeg kadalarynyň hem-de nyrhlarynyň, şeýle hem awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň bahalarynyň kesgitlenilmegine degişli birnäçe kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýolgurluşyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna hem-de ygtybarly maliýeleşdirilişine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň edaralary tarapyndan geçirilen seljermeleriň jemleri boýunça Prezidentiň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awtomobil ýol gurluşygy ulgamyny kadalaşdyrylyjy resminamalarynyň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu ulgamda alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň anyk çözgüdini tapmagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutany wise-premýere ugurdaş düzümler bilen bilelikde bu meseläni has içgin öwrenmegi tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......