Jonni Depp bilen Ember Herdiň kazyýet işi hakynda film düşürdiler

  • 18.09.2022 10:49
  • 11k+

Aktýorlar Jonni Depp bilen Ember Herdiň arasyndaky kazyýet dawasy hakynda "Hot Take: The Depp/Heard Trial" atly film çykar. Bu barada TVLine habar berýär. 

Deppiň keşbini Mark Gapka ("Jenaýatçy ýaly oýlanmak"), Herdiň keşbini bolsa Megan Dewis ("Saý ýerdäki iki gyz") janlandyrdy.
Taslama 30-njy sentýabrda Fox Entertainment Tubi hyzmat akymynda çykar.
Discovery+ amerikan striming hyzmatynda Depp bilen Herdiň arasyndaky kazyýet dawasy hakynda dokumental filmiň düşüriljekdigi öň mälim edilipdi.
1-nji iýunda Depp kazyýet dawasynda utdy. Kazyýet oturdaşlary aktýoryň öňki aýalyny töhmet atmakda günäli diýip bildi. Ilkibaşda kazyýet aktýora 15 mln dollar tölemäge Herdi borçly etdi: 10 mln dollar möçberinde öweztölegi, şeýle hem 5 mln dollar möçberinde jerime belledi. Jerimäni 350 müň dollara çenli kemeltdiler.
Depp bilen Herd 2009-njy ýylda tanşypdylar we 2015-2016-njy ýyllarda nikada durdular.

düýn 20:27
2.5k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
3.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.9k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.4k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....