Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze merkeziniň on müň tomaşaçy orunlyk stadionyna bardy

  • 18.09.2022 10:11
  • 16k+

17-nji sentýabr Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp göreninden soň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň on müň tomaşaçy orunlyk stadionyna bardy we bu ýerde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary barada giňişleýin maglumatlary berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow stadionyň futbol oýnamak üçin niýetlenen meýdançasynyň derejesi, onuň enjamlaşdyrylyş babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelşi bilen gyzyklanyp, stadionyň ähli görkezijiler babatda ugurdaş düzümlere bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. 
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy stadionyň çäginde döredilýän şertler onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyň dowamynda toplumyň trenažor zalyna baryp gördi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bölümiň enjamlarynda birnäçe maşklary ýerine ýetirdi we olaryň köpüsiniň dürli ýaşlardaky adamlary, aýratynda çapyksuwarlar we atbakarlar üçin ähmiýetlidigini belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna stadionyň daşynda merkeziň Akhan şaýolunyň ugrunda oturdyljak yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri görkezildi.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

27.04.2026 23:33
11k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......