Amazon Hindistanda howpsuzlyk kemerleriniň ildirgiçleri üçin ötürgiçleri satmagyny bes eder

  • 17.09.2022 10:59
  • 14k+

Amazon internet-ägirdi Hindistanda howpsuzlyk kemerleriniň ildirgiçleriniň ötürgiçlerini satuwdan aýrar: olar kemer ulanylmadyk ýagdaýynda duýduryjy yşaratyň işläp başlamagyny aradan aýyrmakda ulanylýarlar. Reýter agentliginiň ýazmagyna görä, bu golaýda ýerli işewürleriň biriniň ýol-ulag heläkçiliginde aradan çykmagy bilen bagly hindi häkimiýetiniň haýyşyna jogap boldy. Saýrus Mistri kemer dakynman oturan eken.

Şeýle-de Amazon howpsuz däl önümleri satuwdan aýyrmak baradaky talaby ýerine ýetirmekden gaça durýan satyjylara garşy “berk çäre” görmäge söz berdi. Ildirgiç üçin ötürgiçler 249 rupiýadan satylýardy.
Hindistanyň ulag ministri Nitin Gadkari ýurduň hökümetiniň awto öndürijileri çykarýan ulaglarynyň diňe bir öňdäki oturgyçlaryny däl, eýsem yzky diwanyny hem ildirilmedik howpsuzlyk kemerleri barada duýdurýan yşaratlar bilen üpjünlemäge borçly etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.
2024-nji ýylyň ahyryna çenli Hindistan ýurduň ýollarynda öwezini dolup bolmajak ýitgi bilen gutarýan  ýol-ulag hadysalarynyň sanyny iki esse azaltmagy göz öňünde tutýar. 2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýurtda bolup geçen ýol-ulag hadysalarynda 150 müňden gowrak adam ýogaldy. Bu her dört minutdan bir adamyň heläk bolýandygyny aňladýar.  


08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....