Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti açyldy

  • 16.09.2022 12:49
  • 8.7k+

Şu gün Özbegistanyň Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Ilki bilen, bu düzüme agza ýurtlaryň Liderleriniň dar düzümdäki mejlisi geçirildi. Soňra synçy hem-de hormatly myhman hökmünde gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammitiň işi giňeldilen düzümde dowam etdi. Samarkant sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow hem ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary bilen bagly çykyş eder.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiriniň habar berşi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň şu ýyl 22-nji gezek geçirilýän sammitine dünýäniň 15-e golaý ýurdundan ýokary derejeli myhmanlar ― HHR-iň Başlygy, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Eýranyň, Mongoliýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Prezidentleri, Hindistanyň we Pakistanyň Premýer-ministrleri gatnaşýarlar. Giňeldilen düzümdäki mejlisde wekiliýet Baştutanlary bilen bilelikde ŞHG-niň Baş sekretarynyň, bu guramanyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin edarasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň, şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň degişli orunbasarynyň hem çykyşlary göz öňünde tutuldy.
Sammitiň gün tertibine guramanyň ählumumy howpsuzlyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan başlap, medeni-ynsanperwer ulgama çenli hyzmatdaşlygyň has derwaýys ugurlary girizildi. Mejlisiň işiniň möhüm ugurlarynyň biri ŞHG-niň agzalarynyň sanawyny giňeltmek boýunça dowam edýän mesele bilen bagly bolar. Şunda Eýrany bu düzümiň agzalygyna kabul etmek bilen baglylykda, düýn onuň borçnamalary hakyndaky Ähtnamalara gol çekilendigini aýtmak gerek.
Samarkant sammitiniň netijeleri boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işini ilerletmek, sebitleýin söwdanyň möçberini artdyrmak, senagat we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, innowasiýalar, sanly tehnologiýalar, logistika, oba hojalygy, lukmançylyk we beýleki ulgamlaryň işi bilen bagly 30-dan gowrak resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar. «Samarkant Jarnamasy» adyny alan jemleýji resminamada bolsa agza ýurtlaryň sebit we ählumumy meseleler boýunça anyk garaýyşlary öz beýanyny tapar.
«Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň taryhynda täze sahypany açjak nobatdaky sammitiň dünýäniň habarlar giňişliginde giňden beýan edilmegine möhüm ähmiýet berilmegi onuň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Täze açylan «Beýik Ýüpek ýoly» halkara syýahatçylyk merkezinde ýerleşýän Kongres merkezinde geçirilýän bu syýasy çäräni köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dessin we hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, Samarkant şäherinde metbugat merkezleriniň birnäçesiniň işi ýola goýuldy. Şolaryň ikisi syýahatçylyk merkeziniň çäginde ýerleşip, häzirki wagtda olarda 800-den gowrak žurnalist iş alyp barýar. Ýeri gelende, media wekilleriniň 600-e golaýynyň dünýäniň 20-den gowrak döwletine wekilçilik edýändigini aýtmak gerek» diýlip, habarda giňişleýin bellenilýär.


şu gün 08:01
1.2k+

Türkmenistanda wekilçilikli häkimiýet edaralaryna saýlawlar geçirildi

29-njy martda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, şeýle hem möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň......

düýn 01:07
4.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

28.03.2026 12:01
6.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......

28.03.2026 10:03
1.2k+

Aşgabatda gender deňligi we parlamentara dialogy boýunça maslahat geçirildi

26-njy martda Aşgabatda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn......