Hýundai i30 heçbegini krossowere çalyşmagy mümkin

  • 15.09.2022 18:09
  • 5.4k+

Hyundai kompaniýasy bäş gapyly i30-yň ykbaly barada pikirlener diýip, kompaniýanyň tehniki geňeşçisi Albert Birmann Awstraliýanyň Drive neşirine mälim etdi. «Ýumşak» ssenariý boýunça çemeleşilende, i30-y modeliň ýörgünli bazarlarynda  saklap galmak göz öňünde tutulýar, «bekine» tutulanda bolsa, wsedorožnigiň bähbidine heçbekden ýüz öwürmek meýilleşdirilýär.

Birmannyň sözlerine görä, heçbekleriň uly bazardaky meşhurlygy peseldi. Bu Hyundai-y i30-dan doly el çekmäge mejbur eder, ýöne häzirlikçe kompaniýa meseläni ähli bazarlar üçin birmeňzeş görnüşde çözmäge taýýar däl.
Mysal üçin, Hyundai ABŞ-da bu modeli täze wsedorožnik bilen çalşyp biler, ol ýerde heçbekler iş ýüzünde islegli ulag däl we i30-yň heniz geçginli ýurtlarynda bolsa ony galdyryp biler.
Albert Birmannyň soňkularyň hatarynda, Hindistan, Awstraliýa we Ýewropanyň beýleki käbir sebitleri bilen birlikde, modeliň Russiýanyň bazaryny birnäçe ýyl mundan öň terk edendigine garamazdan, bu ýurduň adynyň hem agzalmagy bellärliklidir.
Hyundai i30-y Toyotanyň Corolla Cross-y döretmek üçin ulanan shemasy esasynda krossowere öwürse gerek diýip, neşir çaklaýar. Emma koreýleriň bu klasda öz modeli bar — Hyundai Kona. Kompaniýanyň öňünde içerki bäsdeşligiň meselesini çözmek hem durýar. Şonuň bilen birlikde, Awstraliýanyň özünde hem soňky 10 ýylyň içinde ykjam heçbekleriň bazardaky paýy 23%-den 8,5%-e çenli kemeldi. 


02.06.2026 12:41
3.1k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

08.05.2026 16:04
4.1k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....