Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy açyldy

  • 14.09.2022 14:58
  • 5.3k+

Düýn, 13-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy öz işine başlady. TASS agentliginiň habar bermegine görä, sessiýany BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we sessiýanyň başlygy wengriýaly diplomat Çaba Kýorýoşi açdy.

Diplomatlar gün terbini, mejlisleriň rejesini, wekiliýetleriň ygtyýarlyklaryny tassyklarlar we işjeň komitetleri düzerler. Bir ýyllap dowam etjek täze sessiýanyň gün tertibi öz içine esasy halkara sýužetleri, şol sanda howanyň üýtgemegini, koronawirus we beýleki ýokançlara garşy göreşi, durnukly ösüş meselelerini, ösüp barýan ýurtlaryň bergilerini, häzirki bar bolan dawalary alýar.
Ýokary derejedäki hepdelik 20-26-njy sentýabrda geçiriler. Oňa döwlet, Hökümet Baştutanlary, dürli ýurtlaryň daşary işler ministrleri gatnaşar. Hepdeligiň çäklerinde onlarça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.


05.06.2026 18:04
5.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
7.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......