Ilkinji gezek geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

  • 14.09.2022 00:59
  • 6.3k+

13-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän  «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-si gatnaşdy. Şolaryň hatarynda gyzlaryň 4-siniň bardygyny bellemeli.
Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň atlary yglan edildi we olara degişli diplomlar hem-de gymmatly bahaly sowgat gowşuryldy.
Şeýle hem “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň hemmesine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bagşy-sazandalaryň arasyndaky bu döredijilik bäsleşigini ýokary derejede gurady. Bäsleşigiň şertlerine laýylykda, 18-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar bäsleşige gatnaşyp bilýärler.
Belläp geçsek, bu bäsleşik milli mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl, medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň hormatyna şu ýylyň ýanwar aýynda esaslandyryldy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......