UFC 12-nji noýabrda Porýe — Çendler tutluşygynyň boljakdygyny tassyklady

  • 13.09.2022 18:51
  • 16k+

Ýeňil agramda (70 kg çenli) UFC-niň titulyna öňki dalaşgär we Bellatoryň eks-çempiony, amerikaly Maýkl Çendler indiki gezek watandaşy Dastin Porýe bilen tutluşar. Başa-baş söweş 12-nji noýabrda geçer diýip, UFC-niň metbugat gullugy habar berýär. 

Göreş UFC 281 turniriniň çäklerinde Nýu-Ýorkda (ABŞ) geçer we üç raunddan ybarat bolar. Täze Zelandiýaly Esrael Adesanýe bilen Aleks Pereýronyň arasyndaky titul üçin göreş agşamyň esasy başa-baş göreşi bolar.
Maýkl Çendleriň birnäçe göreş üçin şertnama gol çekendigi owal habar berlipdi.
Çendler özüniň soňky göreşinde Toni Fergýusony nokaut bilen utandygyny ýatladýarys. Dastin Porýe Çarlz Oliweýra bilen duşuşyp, göreşde sabmişen bilen ýeňildi.


şu gün 08:32
6.3k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 15:55
8.7k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
8.6k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
4.5k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....