YouTube-de tölegli okuw kurslaryny açmaga mümkinçilik dörär

  • 13.09.2022 08:53
  • 4.9k+

Google YouTube platformasyna okatmak bilen bagly täze funksiýany goşmak isleýär. Şonuň ýaly-da, kontentiň awtorlary üçinem täze mümkinçiligiň dörejekdigi barada aýdylýar.

Entek munuň ady ýok, ýöne hemme zat diýseň ýönekeý: YouTube-de tölegli okuw kurslaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik dörär. Ýagny, şeýle kurslaryň awtorlary, kursuň haýsy ugra degişlidigine garamazdan, diňe YouTube-dan peýdalanyp bilerler, indi olara öz okuwçylaryny beýleki platformalara ýa-da saýtlara ýaňadan ugrukdyrmak gerek bolmaz, çünki bu kurslaryň tölegini gönüden-göni YouTube-yň özünde amala aşyryp bolar.
Tölegli kurslaryň bölegi bolup durjak wideolarda Google-yň mahabaty bolmaz we olary fon režiminde diňläp bolar. Agzalan ýagdaýda gürrüň YouTube Premium-a ýazylmazdan, kurslaryň biriniň tölegini tölänlere degişlidir.
Täze hyzmatyň çäginde «wiktorinalar» (Quizzes) diýen goşmaça funksiýa peýda bolar. Kurslaryň awtorlary öz müşderileri üçin şeýle wiktorinalary döredip bilerler, bu okuw işini dürlüçe guramaga mümkinçilik berer.
Ilkibaşda täze hyzmat beta-wersiýa görnüşinde ABŞ-da we Günorta Koreýada indiki ýyl peýda bolar. Şeýle-de, awtorlaryň isleg bildirýänlere tölegsiz kurslary hem hödürläp biljekdiklerini bellemelidiris.


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....