Alymlar ummandaky duzuň konsentrasiýasy arkaly ygal mukdaryny çaklamagy öwrendiler

  • 12.09.2022 23:59
  • 8.1k+

Ummandaky duzuň konsentrasiýasy gury ýerde ýagşyň nähili mukdarda ýagjakdygynyň möhüm görkezijisi bolup biler. Bu barada Bostondan Salient Predictions amerikan kompaniýasynyň gözleginde aýdylýar diýip, Bloomberg Green habar berýär. Muny plus-one.ru ýetirýär.

Alymlar deňizdäki has duzly suwuň kenardan uzak bolmadyk ýerde güýçli çabganyň boljakdygyny aňladýandygyny anykladylar. Bu ummanyň ýüzünden suwuň bugarmagy bilen baglanyşyklydyr – atmosfera çyglylyk näçe köp uçdugyça, şonça-da köp duz akwatoriýada galýar.
Okeanograf we Salient Predictions-y esaslandyryjylaryň biri Reý Şmittiň düşündirişi ýaly, eger ABŞ-nyň gündogar kenarýakasyndaky Atlantik ummanyň duzlulygy pes bolsa, onda Aýowa ştatyndaky fermerlere gurak möwsüm garaşýar. Aýowa ýurtda mekgejöwen ösdürip ýetişdirmek boýunça birinji orny eýeleýär, şonuň üçin daýhanlar çydamly görnüşleri saýlamak ýa-da ekin meýdanlaryny azaltmak arkaly, ekişe has gowy taýýarlyk görüp bilerler.
Şuňa meňzeş çaklamalar Hytaýdaky Ýanszy derýasynyň jülgesi üçin hem tassyklandy. Bu ýerde ýurduň esasy oba hojalyk ýerleri ýerleşýär. Kompaniýa Günorta Hytaý deňziniň duzlulygynyň sebitdäki suw joşmalar we gurakçylyklar bilen baglanyşýandygyny belleýär.


düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......