Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatyny iberdiler

  • 12.09.2022 10:50
  • 9.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň ― Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň adyndan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Olarda türkmen döwletiniň Baştutanyna Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatlary üçin hoşallyk bildirilýär.

“Siziň şol mähirli sözleriňiz doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky barha berkeýän dostlukly gatnaşyklary beýan edýär. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara goldaw bermegiň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynanýaryn” diýlip, Prezident Arif Alwiniň hatynda bellenilýär.

Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif hem, öz gezeginde, Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberilen gutlag haty üçin hoşallyk bildirip: “Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylyga esaslanýar. Pakistan Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklara ýokary baha berýär. Özara hormat goýmaga, dostluga hem-de hyzmatdaşlyga daýanýan bu gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn” diýip nygtady.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......