Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy

  • 12.09.2022 10:43
  • 3.3k+

«Red Bull-yň» sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” klasynda awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 16-njy tapgyry bolan Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji orny “Ferrariniň” wekili Şarl Lekler eýeledi. Üçünji orna “Mersedesde” çykyş edýän Jorj Rassel mynasyp boldy.

Ýaryşyň iň çalt aýlawy üçin goşmaça utugy “Red Bulldan” Serhio Peres gazandy. 20 sany ýaryşa başlan awtoulagdan 16-sy pellehana baryp bildi. Tehniki näsazlyklar sebäpli Sebastýan Fettel (Aston Martin, 10 aýlaw geçdi), Fernando Alonso (Alpin, 31), Lens Stroll (Aston Martin, 40) we Daniel Rikkýardo (Maklaren, 47) ýaryşdan çykdy.
Yzygider bäşinji Gran-pride ýeňiş gazanan Werstappen çempionatda öňdebaryjy bolmagy dowam etdirýär (335). Ikinji orny Lekler eýeleýär (219). Üçünji orunda bolsa Peres ýerleşýär (210).
Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” öňdebaryjy (545). Ikinji orunda “Ferrari” (406), üçünji orunda “Mersedes” (371) ýerleşýär.
Çempionatyň indiki tapgyry Singapuryň Gran-prisi bolup, 30-njy sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda geçiriler.


27.05.2026 18:20
7.1k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

14.05.2026 19:30
3.6k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....