Karl III resmi taýdan Beýik Britaniýanyň patyşasy boldy

  • 11.09.2022 13:50
  • 13k+

Ýelizaweta II-niň ogly Karl III resmi taýdan Beýik Britaniýanyň patyşasy boldy. Bu barada TASS-a salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Tagtyň tabşyrylmak prosesi şenbe güni, 10-njy sentýabrda Londondaky Sent-Jeýms köşgüniň tagt mirasçylygy geňeşinde geçirildi. Adatça, bu proses öňki hökümdar aradan çykandan soň bir günüň dowamynda alnyp barylýar, ýöne Ýelizaweta II-niň aradan çykandygy agşam belli bolansoň, bu gezek ýygnak yza süýşürildi.
Geçen dabara resmi konstitusion zerurlyk bolup durýar, sebäbi Karl III ejesiniň ölüminden soň göni patyşa boldy. Iňlis adaty şa häkimiýetiniň dowamlylygyny üpjün edip, ýurtda hatda bir minut hem monarhyň bolmazlygyna ýol bermeýär. Şu gün Britaniýanyň birnäçe ýokary wezipeli adamlary ony resmi taýdan patyşa diýip yglan edýän jarnama gol çekdiler.
Ýelizaweta II-niň 96 ýaşynda aradan çykandygy penşenbe güni, 8-nji sentýabrda belli boldy. Onuň aradan çykmagy bilen baglylykda Britaniýada 10 günlük umumymilli ýas yglan edildi.


27.02.2026 18:42
4.8k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.2k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

26.02.2026 14:03
6.1k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy...