Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi: 8 aýyň jemleri

  • 09.09.2022 09:36
  • 25k+

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler girzildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary we ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi barada hem habar berildi. 
Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe göwnejaý taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany biraýlygyň ähmiýetini belläp, göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle-de: “Serhetden geçirilýän harytlaryňdyr ýükleriň ählisiniň çalt we içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek, şunuň bilen baglylykda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny işjeň ulanmak boýunça mundan beýläk-de netijeli çäreler görülmelidir” diýip, döwlet Baştutany Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi.


20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......