Şazada Çarlz Beýik Britaniýanyň täze patyşasy boldy

  • 09.09.2022 09:15
  • 24k+

Britan tagtynyň mirasdüşeri, Uels şazadasy Çarlz şa aýaly Ýelizaweta II aradan çykandan soň Beýik Britaniýanyň täze patyşasy boldy. Bukingem köşgüniň metbugat gullugynda patyşanyň bu gije Balmoral galasynda galyp, ertir Londona dolanjakdygy nygtaldy. Bu barada rbc.ru habar berýär.

“The Guardian-yň” habaryna görä, täç geýdirmek dabarasy gysga wagtda Londondaky Sent-Jeýms köşgünde geçiriler.
Şazada Çarlz 1948-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Londonda dünýä indi (73 ýaş). Ol üç ýyl üç aý ýaşynda Georg VI aradan çykandan we Ýelizaweta II tagta geçenden soň britan tagtynyň mirasdüşeri boldy. Ol ýetmiş ýyl tagtdaky nobatyna garaşdy – bu britan monarhiýasynyň taryhynda iň uzak möhletdir.
Çarlzyň iki çagasy bar – şazada Uilýam we şazada Garri. Ol 1997-nji ýylda awtoulag heläkçiliginde şa zenany Diana aradan çykandan sekiz ýyl soň Kamilla Parker Boulza öýlendi.
Ýelizaweta II-niň ýagdaýy şu ýyl hasam ýaramazlaşdy. Fewral aýynda ol koronawirus bilen keselläp, hereket etmegiň kyndygyny aýtdy. Ol geçen ýylyň oktýabr aýyndan mart aýyna çenli çykyş çärelerine gatnaşmady, iýun aýynda bolsa tas 70 ýylyň içinde ilkinji gezek Askotdaky at çapyşygyny sypdyrdy. Şondan soň Bukingem köşgi on ýylyň içinde ilkinji gezek şa aýalynyň borçlarynyň sanawyny üýtgedip, olaryň bir bölegini şazada Çarlza geçirdi.


14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...