Britaniýanyň ýaşaýjysy lotoreýada 126 mln dollar gazandy

  • 08.09.2022 15:07
  • 14k+

Lotereýada 110 funt sterling (126,5 mln dollar) möçberinde pul baýragyny utan adam çarşenbe güni özüniň utuşyny mälim etdi. Bu barada Sky News teleýaýlymy habar berdi.

Teleýaýlymyň habar bermegine görä, adyny agzamakdan saklanan adam EuroMillions lotereýasynyň, içinde iki sany nesibeli belgi bolan, ýedi sanyny bilmegi başaran biletini görkezdi. Hereket edýän düzgüne görä, utuş tassyklanyp, degişli pul tölenenden soň, ýeňiji adynyň agzalmagyna ýa-da agzalmazlygyna razylyk berýär. Eger ol özi barada maglumat berilmegini islemese, onda biletiň ýurduň haýsy böleginde satyn alnandygy baradaky habar metbugatda çap edilmeýär.
Sky News-yň hasaplamalaryna görä, Beýik Britaniýada jemi 15 adam EuroMillions-dan 100 mln funt sterlingden geçirip pul utupdyr. Birleşen Patyşalygyň ýaşaýjysy 195 mln funt sterling (şol wagtyň kursuna görä, 234,5 mln dollar) utandan soň, şu rekord bellige alnypdyr. Şondan iki aý öň Angliýanyň günorta-günbatarynda ýerleşen Glosterşir graflygynda ýaşaýan är-aýal 184,3 mln funt sterling (227 mln dollar) utupdyr.
EuroMillion lotereýasy Ýewropada 2004-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ilkibadalar ol Beýik Britaniýada, Ispaniýada we Fransiýada geçýärdi, soňra oňa Awstriýa, Belgiýa, Irlandiýa, Lihtenşteýn, Lýuksemburg, Portugaliýa we Şweýsariýa hem goşuldylar. Lotereýanyň düzgünine görä, ýeňijiniň adyny agzatmazlyga-da haky bar. Ýewropalylaryň köpüsi şeýle hem edýär. Meselem, iýul aýyndaky iň uly utuşyň eýesi öz adyny köpçülige mälim edip durmady.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
957

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......