Uçarda iň howpsuz ýer mälim boldy

  • 08.09.2022 16:49
  • 36k+

Uçar heläkçilige uçran ýagdaýynda adam dinamiki güýje kän sezewar bolmaýan ýerlerde otursa, aman galmak mümkinçiligi ýokarlanýar diýip, awiasiýa inženeri, konstruktor Wiktor Prýadka gürrüň berdi. Muny Day.Az ýetirýär.

Bilermen howa peteklerini uçaryň salonynyň guýruk bölüminde ýerleşýän orunlar üçin satyn almagy maslahat berýär. Mejbury gonuşda we uçuş wagty adatdan daşary hadysa ýüze çykanda howa gämisiniň bu bölegine düşýän dinamiki güýç pes bolýar.
Inženeriň aýtmagyna görä, dar göwrümli guýruk bölegi uçuşlar üçin iň howpsuz ýerdir. Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda giň göwrümli bortlaryň gurluşy çalt bozulýar – şeýle uçarlaryň ýolagçylarynyň aman galmak ähtimallygy pes bolýar.

“Dar göwrümli uçarlaryň guýrugynda oturmagy şertli ýagdaýda howpsuz hasap etmek bolar. Ol ýerde soňky hatarda orunlaryň ýerleşişi 3+3 ýa-ha 3+2, ýa-da 2+2 görnüşinde” – diýip, bilermen belledi.

Prýadka giň göwrümli uçarlarda orunlaryň ýerleşişiniň 3+4+3 görnüşindedigini sözüniň üstüne goşdy. Ol ýerde uçaryň göwrüminiň diametri uly we gurluşyň bozulmagy çalt bolup geçer, şonuň üçin şeýle uçarda heläkçilik bolanda diri galmak ähtimallygy peselýär.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......