Hytaýda güýçli ýertitreme boldy: Serdar Berdimuhamedow Si Szinpine gynanç bildirdi

  • 07.09.2022 09:18
  • 34k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Mälim bolşy ýaly, 5-nji sentýabrda Hytaýyň Syçuan welaýatynda güýçli ýertitremesi bolup geçdi. Habar beriş serişdeleri häzirki wagta çenli aradan çykanlaryň sanynyň 65-e ýetendigini, halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berýärler. 6,8 ballyk ýertitreme netijesinde 250 töweregi adamyň ýaralanandygy bellenilýär.


17.06.2026 11:34
5.3k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.6k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......