Türkmenistanyň halkara habarlar giňişligindäki ornuna bagyşlanan forum geçirildi

  • 06.09.2022 13:20
  • 11k+

5-nji sentýabrda Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirildi.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen halkara foruma Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryndan hem-de işgärlerinden başga-da, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.
Daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleriniň, meşhur elektron neşirleriniň, tele we radio kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri öz wideoçykyşlarynda  Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde hem-de halkara maglumatlar giňişliginde günsaýyn artýan möhüm orny barada garaýyşlaryny beýan etdiler. Şolaryň hatarynda  “TASS” habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary, “Azerbaýjan Telewideniýe we Radiogepleşikler” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Hytaýyň “СGTN-Russian” teleýaýlymynyň, Aziýa ― Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň, “Russia Today” teleýaýlymynyň, “Sodružestwo iskusstw” döwletara žurnalynyň, “Türkmenistan” halkara žurnalynyň, Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň we beýlekileriň wekilleri bar.
Bellenilişi ýaly, gysga wagtyň içinde amala aşyrylan düýpli özgertmeler Türkmenistanyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Munuň özi ýurduň saýlap alan ösüş ýolunda ynamlydygynyň, mähriban Watanymyzyň häzirki döwrüne we geljegine bolan jogapkärçiligine hemmetaraplaýyn göz ýetirýän halkymyzyň bu ugra umumymilli goldawynyň tassyklanmasydyr. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysady, maýa goýum we nebitgaz, ylmy, medeni forumlar ýaly iri halkara çäreleri, şeýle-de döwlet durmuşyna degişli möhüm wakalary anyk, dessin hem-de giňişleýin beýan etmegi bilen, ägirt uly ykdysady kuwwata, baý medeni we ruhy mirasa eýe bolan Türkmenistanyň eýeleýän wajyp ornuny halkara giňişlikde giňden açyp görkezýär.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Özara düşünişmek, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maglumatlary alyşmak we zerur habarlary gyssagly ibermek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär.


düýn 17:46
1.1k+

Türkmenistanyň küştçüleri Astanadaky ýaryşlarda dört medal gazandy

Türkmenistanyň küştçüleri 14-17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen türki döwletleriň halkara ýaryşlarynda dört sany medal gazanmagy başardy....

16.05.2026 11:13
8.3k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....