Dünýäde elektrik transportynyň satuwy iýul aýynda 61% ýokarlanyp, 778 müňe barabar boldy

  • 05.09.2022 17:24
  • 8.2k+

2022-nji ýylyň iýul aýynda 778 092 täze elektrik transport serişdesi hasaba alyndy we bu bir ýyl ozalkydan 61% köpdür. Indi elektrik transporty bazaryň 14%-ini eýeleýär, şol sanda “arassa” elektromobilleriň paýyna 10% düşýär. Bu barada EV-Volumes-yň maglumatlaryna salgylanyp, INSIDEEVs çeşmesi habar berýär. Muny 3dnews.ru ýetirýär.

Dünýäde iýul aýynda 556 müň töweregi elektromobil (ösüş ýyllyk aňlatmasynda 73%, bazaryň 10%-i) we 222 müň töweregi gibrid (ösüş 36%, bazaryň 4%-i) – jemi 778 092 ulag serişdesi hasaba alyndy. Bu geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 61% köpdür, jemi bazar paýy bolsa 14%-e ýetdi. Ýylyň başyndan bäri 4 928 376 milliondan gowrak (bazaryň 12%-i) birikdirilýän elektrik transport serişdesi hasaba alyndy (2021-nji ýylda olaryň sany 6,5 mln bolupdy): 3,66 mln elektromobil (bazaryň 8,9%-i) we 1,27 mln gibrid (bazaryň 3,1%-i).
Iýul aýynda Hytaýyň BYD markasy beýlekilerden üstünlikli çykyş etdi, onuň dürli modelleri dünýäde iň köp satylan onlugyň ýarysyny eýeledi, Ilon Maskyň kompaniýasynyň iň meşhur modeli Tesla Model Y bolsa diňe dördünji boldy – bir aýda 29 829 nusga hasaba alyndy, lider bolsa 37 784 sany hasaba alnan bilen “arassa” we gibrid wersiýalarda BYD Song boldy. 2022-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynyň jemi boýunça bolsa Tesla Model Y öňdebaryjy boldy – 344 928 birlik hasaba alyndy. Iki sanawda-da ikinji orny Wuling Hongguang Mini EV eýeledi.


29.03.2025 05:44
2.9k+

Kaliforniýada elektrokarlara zarýad beriji beketleriň sany ýangyç guýujy beketleriň sanyndan köp

Kaliforniýada häzirki wagtda elektrokarlara zarýad beriji beketleriň sany adaty ýangyç guýujy beketleriň sanyndan köp. 2025-nji ýylda infrastrukturany has hem giňeltmek meýilleşdirilýär. Jemgyýetçilik zarýad beriş...

28.10.2024 11:24
5.6k+

Ilon Mask sürüjisiz Tesla Cybercab taksiniň bahasyny 5 müň dollar arzanlatdy

Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask Tesla Cybercab sürüjisiz taksisiniň bahasyny 25 000 dollara çenli arzanlatdy. Bu barada ol kompaniýanyň maliýe netijelerine bagyşlanan metbugat konferensiýasynda habar berdi diýip...

30.06.2024 00:03
10k+

Hytaýda rekord aralyga uçup biljek elektrik uçary gurulýar

Hytaýyň CATL kompaniýasy energiýa dykyzlygy 500 Wts/kg bolan aşa dykyz batareýanyň işlenip düzülýändigini habar berdi. Bu tehnologiýa uçuş uzaklygy 3000 km çenli bolan elektrik uçarlaryny döretmäge mümkinçilik...

27.04.2024 12:20
19k+

BAE-de Gün batareýalary bilen işleýän, 27 müň dollarlyk üç tekerli altyn awtoulag satylyp başlanar

Amerikanyň Gün panelli elektrik awtoulaglaryny öndürýän Aptera Motors korporasiýasy BAE-niň bazary üçin öz üç tekerli awtoulagynyň ýörite görnüşini hödürledi. Ulag Aptera UAE Union Anniversary Edition diýlip atlandyrylýar...