Kaliforniýada elektrokarlara zarýad beriji beketleriň sany ýangyç guýujy beketleriň sanyndan köp

  • 29.03.2025 05:44
  • 3k+

Kaliforniýada häzirki wagtda elektrokarlara zarýad beriji beketleriň sany adaty ýangyç guýujy beketleriň sanyndan köp. 2025-nji ýylda infrastrukturany has hem giňeltmek meýilleşdirilýär.

Jemgyýetçilik zarýad beriş beketleriniň sany 178 549 boldy diýip,  häkimligiň maglumatlaryna salgylanýan Car&Driver ýazýar. Ştatda ýangyç guýujy beketleriň sany, takmynan, 120 müň. Şeýle-de bolsa, zarýad beriş nokatlarynyň köpüsiniň kuwwaty pes, hemişelik tokly çalt işleýän  beketleriň sany bolsa bary-ýogy 16 500.
Emma öý zarýad berijilerini goşsaň, bu aratapawut has-da açylar. Kaliforniýa Energetika Komissiýasy şeýle enjamlaryň, takmynan, 700000-siniň ştatyň öýlerinde oturdylandygyny aýtdy. Bu sebitiň berk syýasaty bilen düşündirilýär: bu ýerde zyňyndylar babatda berk kadalar hereket edýär we ýangyjyň bahasy ýokary.
Geçen ýylyň dekabrynda ştatyň hökümeti "ýaşyl" ulag üçin infrastrukturany ösdürmeklige 1,4 milliard dollar bölüp berdi. Şeýle-de bolsa, meýilnamany amala aşyrmak  elektrik ulagyna geçilmegine garşy çykýan ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hereketleri bilen bagly çylşyrymlaşyp biler.


22.06.2026 00:57
5.1k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......