Standart USB4 2.0 80 Gbit/s-e cenli geçiriş ukybyna eýe bolar

  • 04.09.2022 18:39
  • 6.7k+

USB Promoter Group-yň işläp taýýarlaýjylary USB4 standartynyň 2.0 wersiýasyna çenli täzelenjekdigini bildiriş etdiler. Onda USB Type-C boýunça maglumatlaryň geçiş tizliginiň 80 Gbit/s-e çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu birinji wersiýasynyň görkezijisinden we Thunderbolt 4-iň geçirijilik ukybynyň derejesinden iki esse ýokarydyr.

Şeýle hem USB Type-C-iň we USB Power Delivery-niň spesifikasiýasyny täzelemegi wada edýärler. Täze spesifikasiýalaryň güýzde, çen bilen noýabrda çap edilmegine garaşylýar.

“Öňden däp bolşuna görä, USB4-iň täzelenen spesifikasiýasy maglumatlary geçirmegiň goýberiş ukybynyň iki esse artdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu bolsa USB Type-C-niň ekoulgamynyň işleýşiniň has ýokarrak derejesini üpjün edýär. Tizligiň ýokarlanmagy hasam displeýleriň, maglumatlary saklaýan gurluşlaryň, şeýle hem hablaryň we USB-niň bazasyndaky dok-stansiýalaryň bähbidine bolar” – diýip, USB Promoter Group toparynyň başlygy Bred Sonders (Brad Saunders) mälim etdi.

Täze spesifikasiýa USB Type-C-iň 40 Gbit/s tizlikli eýýäm bar bolan passiw kabelleri bilen tersine ylalaşyjylygy goldar we 80 Gbit/s tizlikde täze aktiw kabeller bilen işläp biler. Şonda 20 Gbit/s-den gowrak tizlikli USB 3.2-niň goldawy, DisplayPort we Pcle-niň täzelenişi mälim edildi. Onuň daşyndan, spesifikasiýa eýýäm könelişen USB 2.0-y we Thunderbolt 3-i hem goldar.
Geljekde ulanyjylara bilelikdäki gurluşy we kabeli tapmaga mümkinçilik berjek markirowkany teklip etmek meýilleşdirilýär.

düýn 20:27
1.9k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.8k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.2k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....