Skoda täze Superb we Kodiaq çykarar, şeýle hem logotipini täzelär

  • 04.09.2022 18:35
  • 6.5k+

Vision 7S konseptiniň premýerasynyň çäklerinde Skoda kompaniýasy beýleki – model hatarynda hem, firma stilistikasynda hem girizilen täzelikler barada mälim etdi. Soňkular logotipiň täze wersiýasy, birinji – Superb-iň we Kodiaq-iň täze nesilleriniň tizara peýda bolmagy bilen meşhurlyk gazanar. Mundan hem başga, Skoda Octavia-lar maşgalasyny täzelemegi wada berýär.

Ýakyn bäş ýylyň içinde Skoda model hataryny elektrifikasiýalaşdyrmaklyga biçak uly maliýe serişdesini sarp etmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýa 5,6 milliard ýewrony täze elektrokarlaryň üstünde işlemeklige inwestirlär, ýene 700 million ýewro bolsa sanlylaşdyrmaklyga sarp ediler. Şunluk bilen, Skoda strategik maksadyna ýetmegi göz öňünde tutýar: 2030-njy ýylda kompaniýanyň Ýewropadaky söwdasynyň 70%-i elektrokarlaryň paýyna düşer.
Şeýle-de bolsa, ýakyn ýyllarda Skodanyň häzirki hatary hem ösdüriler. Superb-iň we Kodiaq-iň model maşgalalary indiki ýylyň ikinji ýarymynda neslini çalşar diýip, resmi görnüşde wada berildi. Üç ýyl mundan öň bazara çykan Skoda Octavia 2024-nji ýylda restaýlinge sezewar bolar. Tehniki jikme-jiklikleri barada heniz hiç zat aýdylmaýar.


2024-nji ýyldan başlap, Skoda-ny täze logotip bilen markalap başlarlar. Häzirki zaman trendlerine laýyklykda ol iki ölçegli edildi. Mundan hem başga, indi Skoda sözüni S literine integrirlenen täze “bellijekli” şrift bilen ýazarlar. Bu, işläp taýýarlaýjylaryň pikirine görä, logotipe has global häsiýet berer.
Täze şekili has işjeň ulanyp başlarlar: awtoulagyň bezeginde, öňi bilen, şereketiň peýkamly tegeleginiň deregine markanyň harply ýazgysyny ulanmak meýilleşdirilýär.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....