Hytaýda internet ulanyjylaryň sany 1,05 milliard adamdan geçdi

  • 04.09.2022 12:22
  • 4.2k+

Hytaýyň Internet torunyň maglumat merkezi tarapyndan çap edilen hasabata görä, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň aýagynda Hytaýda internet-ulanyjylaryň sany 1,05 mlrd boldy, bu 2021-nji ýylyň dekabryndakydan 19,19 mln adam köpdür. Bu barada China Daily ýazýar.   

Merkeziň hasabatynda soňky ýarym ýylyň içinde gysga wideolaryň platformasynyň ulanyjylarynyň sany iň çalt depginde ösdi, olaryň umumy sany 962 milliona ýetdi diýip görkezilýär. Torda täzelikleri okaýan, göni ýaýlymda tomaşa edýän, lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmak  üçin internet ulanýan ulanyjylaryň arasynda hem çalt ösüşiň bardygy bellendi.
Şol bir wagtda, barlaglaryň görkezişi ýaly, ulanyjylaryň 99,6% göteriminiň internete mobil gurluşlardan girýändigini görkezdi. 


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....