«Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat geçiriler

  • 03.09.2022 23:47
  • 4.2k+

5-nji sentýabrda «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk barada 2-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanan forum berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraljak halkara maslahatyň barşynda Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ozal baglaşylan halkara resminamalaryň ýerine ýetirilişi, geljekki edilmeli işler we öňde duran wezipeler barada pikir alşarlar. Onuň işine sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergini guramak meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......