Türkmenistanyň gury ýerlerinde nebite baý toplumlary kesgitlemek üçin gepleşikler geçiriler

  • 03.09.2022 23:46
  • 6.1k+

Degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan ýörite topary döretmek arkaly Türkmenistanyň çäginiň gury ýerlerinde nebite baý bolan, ygtyýarlylandyrylan toplumlary kesgitlemek hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bilen toplumlara daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça gepleşikleri geçirmek teklip edilýär. Bu barada 2-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giňden ulanmagyň, pudaga maýa goýumlary çekmegiň Türkmenistanda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany nebitgaz pudagyndaky özgertmeleri çaltlandyrmagyň döwrüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......