Serdar Berdimuhamedow “Garaşsyzlygyň merjen däneleriniň” jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

  • 03.09.2022 08:53
  • 6.7k+

Şu gün ― 3-nji sentýabrda zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutany: “Siziň kalbymyzyň aýdymy, dilimiziň senasy bolan eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp wasp etjekdigiňize, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýjak täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize pugta ynanýaryn” diýip belleýär.

“Sungat äleminiň ýaş ýyldyzlary hökmünde siz çaga kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp sungat eserleriňiz bilen Garaşsyz Diýarymyzyň, zähmetsöýer halkymyzyň, ajaýyp tebigatymyzyň waspyny belentden ýetirip, Gorkut atadyr Berbat Merwezi, Aşyk Aýdyňdyr Babagammar, Şükür bagşydyr Mylly aga ýaly beýik sungat ussatlarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr” diýip, döwlet Baştutany Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda: “Goý, dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat eserleriňiz — şirin aýdymlaryňyz, joşgunly sazlaryňyz Ýer ýüzüne giňden ýaýylsyn!” diýip, ýaşajyk aýdymçylara iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.
Ýeri gelende bellesek, 26-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Amannepesow bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýdymçy çagalaryň 18-siniň hem-de tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-siniň gatnaşmaga hukuk gazanandygyny habar berdi.


25.05.2026 11:17
9.2k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

01.05.2026 23:23
3.4k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

26.04.2026 13:51
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......