Obameýang «Barselonadan» «Çelsä» geçdi

  • 02.09.2022 08:27
  • 10k+

«Barselonanyň» hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýang «Çelsä» geçdi. Bu barada londonly klubuň resmi saýtynda habar berildi.

«Men diýseň bagtly. Bu klubuň bir bölegi bolmak meniň üçin uly mertebe. «Çelsiniň» düzüminde çykyşa başlamaga örän howlugýan. Premýer-ligada tamamlanmadyk işlerim bar, şonuň üçin bu ýere dolanmak örän ýakymly hem tolgundyryjy» - diýip, Obameýangyň sözlerini klubuň metbugat gullugy getirýär.

33 ýaşly hüjümçi transfer möwsümi ýapylmazdan öň «Çelsi» bilen iki ýyllyk şertnama baglanyşdy we tomusky transfer möwsüminde klubuň täze alan altyn futbolçysy boldy.
Ýatlatsak, Obameýang «Barselona» 2022-nji ýylyň ýanwarynda erkin agent hökmünde geçdi. Angliýada ol 2018-nji ýylyň ýanwaryndan bäri «Arsenalda» çykyş edýärdi. «Barselonanyň» düzüminde hüjümçi 24 oýunda 13 gol geçirdi we bir sany netijeli geçirim etdi.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....