Toyota awtomobilleriniň önümçiligi bassyr dört aý meýilnamadan pes boldy

  • 01.09.2022 11:16
  • 7.1k+

Iýul aýynda Toyota Motor Corp. 706 547 awtomobil öndürdi, bu bolsa 2021-nji ýylyň iýul aýyna garanyňda, 8,6% azdyr. Korporasiýanyň önümçiligi eýýäm dört aý bäri maksatly derejeden pes bolýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Aprel aýynda başlan häzirki maliýe ýylynyň ilkinji dört aýynda Toyota meýilleşdirilenden 10,3% az awtomobil çykardy.
Kompaniýa önümçiligiň peselmegini ýarym geçiriji bölekleriň ýetmezçilik etmegi, Aziýada koronawirusyň ýaýramagy sebäpli zawodlaryň işiniň togtadylmagy, agyr howa şertleri we awtomobilleriň birnäçe tapgyrynyň yzyna gaýtarylmagy bilen baglanyşdyrýar.
Iýul aýynda Toyota ulaglarynyň önümçiligi daşary ýurtdaky zawodlarda 4,5% ýokarlanyp, Ýewropada, Hytaýda we Aziýada görkezijileriň ýokarlanmagy netijesinde 484 730-a ýetdi. Ýaponiýadaky zawodlarda awtomobil önümçiligi 28,2% pese gaçdy.
Kompaniýa noýabr aýyna çenli önümçiligi artdyrmagy meýilleşdirýändigini habar berýär. Ol sentýabr aýynda 850 müň awtomobil öndürmegi meýilleşdirýär, bu hem bu aý üçin rekord bolar. Şeýle-de, Toyota ýyl üçin önümçiligiň maksatly görkezijisini 9,7 mln awtomobil derejesinde saklaýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......