Ýewropanyň işsizlik derejesi has ýokary bolan ýurtlary mälim edildi

  • 30.08.2022 18:33
  • 26k+

Ýewropada işsizligiň iň ýokary derejesi Gresiýada we Ispaniýada hasaba alyndy – degişlilikde, 12,7% we 13,3%. Bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Ýewropanyň bu ýurtlary Ýewropa Bileleşiginde esasy “işsiz” ýurtlar diýlip atlandyryldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Gresiýada syýahatçylyk möwsümi möwç alýar, emma hyzmat edýän işgärler ýetmezçilik edýär. Bu grekleriň köpüsiniň gaýtadan hünär almak islegleri bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, ýaşlar ýurtdaky zähmet haklaryndan nägile bolýarlar we öz geljegini Gresiýa bilen baglanyşdyrmaýarlar.
Ýurtda elektrik, gaz, benzin we azyk önümleri üçin bahalar hem ýokarlanýar.
Ispaniýada ýokary hünärler bilen baglanyşykly boş iş orunlaryny hödürlemekde meseleler ýüze çykýar. Şol bir wagtyň özünde, greklerden tapawutlylykda ispaniýalylar başga bir ýurda göçmek islemeýärler, ýöne ýurduň içinde ýygy-ýygydan hereket edýärler: günortadaky ispaniýalylar demirgazyga, demirgazykdakylar – günorta.
Madridiň ýaşaýjysy Huan häkimiýetleriň işsizlik meselesini çözmäge synanyşýandygyny nygtaýar. Ispaniýada raýatlara döwlet boş iş orunlary barada gürrüň berýän zähmet biržasynyň analoglary işleýär.


14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......