Uesli Fofana futbol taryhynda iň gymmat goragçy bolar

  • 29.08.2022 12:25
  • 16k+

“Lester Sitiniň” 21 ýaşly fransiýaly merkezi goragçysy Uesli Fofana ýakyn wagtda Londonyň “Çelsi” klubuna geçer. Bu barada L’Equipe neşirine salgylanyp, regnum.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Çelsi” Fofana üçin 82,5 mln ýewro tölär, ýöne şertnamada dürli bonuslar hem göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, fransiýaly oýunçy futbol taryhynda iň gymmat goragçy bolar.
Häzirki wagtda iň gymmat goragçy 2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda 87 mln ýewro “Lester Sitiden” “Mançester Ýunaýtede” geçen Harri Maguaýrdyr.
Fofana “Lester Sitide” 35 mln ýewro “Sent-Etýenden” geçenden soň, 2020-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan bäri çykyş edýär. Häzir Transfermarkt internet portaly ony 40 mln ýewro bilen bahalandyrýar.


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....