Toyota bZ3 elektrosedanyny çykarmaga taýýarlanýar

  • 29.08.2022 12:22
  • 12k+

Toyota kompaniýasy e-TNGA modul platformasynda gurlan täze elektrosedany bilen tanyşdyrdy. Gürrüňi edilýän bZ3 modelidir. Onuň birinji satyljak ýeri Hytaý bazarydyr. Bu barada Awtorewýu neşiri habar berdi.

Neşiriň habar bermegine görä, Toyota bZ3 modeli Hytaýyň BYD we FAW kompaniýalary bilen bilelikde öndüriler. Ulag häzirki Corolla-dan ulurak, teker bazasy boýunça bolsa elektromobil Camry-niň has ulurak modelinden öňe geçdi.
Toyotanyň elektromotorlaryny we litiý-demir-fosfatly çekiji akkumulýatorlaryny Hytaýyň BYD-sy üpjün eder. Ulagyň herekete getirijisi yzda bolar. Häzirlikçe iki wersiýasy sertifisirlendi: hereketlendirijisiniň kuwwaty 184 ýa-da 245 at güýjüne deň bolanlary.
Çekiji batareýalarynyň sygymy heniz mälim edilenok, ýöne şaýy tutulan elektromobilleriň agramy belli: degişlilikde 1710 kg we 1835 kg. Aňrybaş tizligi 160 km/s bilen çäklendirilen.
Hytaýda bZ3 modeliniň önümçiligi bilen Toyotanyň hyzmatdaşy bolan FAW konserni meşgullanar. Täze elektromobil FAW-Toýota bilelikdäki kärhananyň konweýerinde peýda bolar. 


21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......