Gresiýa kenarýaka dynç alşyny halaýanlar üçin Ýewropanyň iň meşhur ýurdy boldy

  • 28.08.2022 23:54
  • 11k+

Gresiýa 2022-nji ýylda kenarýaka dynç alşyny halaýanlar üçin iň meşhur Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Breaking Travel News habar berýär.

Dynç alyş üçin kärende ýer boýunça “Holidu” gözleg ulgamy her ýurt üçin “kenarýakalar” açar sözi bilen utgaşyklykda, bu sözüň Instagramdaky heştegi bilen soňky 12 aýyň dowamyndaky “Google” gözleglerini esas edinip alyp, kenarýaka dynç alşyny halaýanlar üçin Ýewropanyň iň meşhur ýurtlarynyň sanawyny düzdi. Netijede, her aýda “Google” boýunça gözlegleriň 5,4 müňüsini hem-de Instagramda heştegleriň 142 müňden gowragyny toplap, Gresiýa sanawda iň öňdäki orny eýeledi. Şunuň bilen birlikde, Krit, Naksos, Mikonos adalarynyň kenarýakalary Gresiýada iň gowulary diýlip hasaplandy.
Bu sanawda aýda 5,4 müň “Google” gözlegleri hem-de Instagram heştegleriň 71 müňden gowragy bilen Italiýa ikinji, aýda 3,6 müň “Google” gözlegleri hem-de Instagram heştegleriň 61 müňden gowragy bilen Portugaliýa üçünji orny eýeleýär. Fransiýa we Irlandiýa bolsa, degişlilikde, sanawyň ilkinji bäşligini jemleýär.


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......