Häzirki günde iň dowamly yzygiderli gatnaw mälim edildi

  • 28.08.2022 08:57
  • 31k+

Singapore Airlines awiakompaniýasynyň uçary Singapur – Nýu-Ýork ugry boýunça 15.000 km-den gowrak aralygy geçýär. Bu şäherleriň arasynda göni gatnaw üçin kompaniýa has uzak aralyga uçýan magistral A350-900 uçaryny ulanýar. Uçuş, takmynan, 19 sagat dowam edýär – häzirki günde bu raýat awiasiýasynda syýahatçylary bir punktdan beýleki punkta yzygiderli gatnaw wagtynda uçaryň howada bolýan wagtynyň dowamlylygy nukdaýnazaryndan rekorddyr. Şeýle maglumatlary syýahatlar baradaky analitiki maglumatlar bilen meşgullanýan Cirium kompaniýasy berýär. Muny tourprom.ru ýetirýär.

Hünärmenler has uzak aralyga uçuşlaryň has meşhur bolmagynyň birnäçe sebäplerini düşündirdiler. Şolaryň biri-de, uçuş aralygy uzak bolan önümleri hödürleýän Airbus we Boeing tehnologiýasydyr. Olardan iň esasylary 2014-nji ýylda ulanylyşa girizilen Boeing B787 Dreamliners uçary we 2015-nji ýylda uçup başlan Airbus A350-dir. Şeýle-de bolsa, 2019-njy ýylda kowidden öň 30-a deň bolan has uzak ugurlaryň sany 2022-nji ýylyň iýul – sentýabr aýlarynda 22 liniýa çenli azalar.
Uzak aralyga uçmak boýunça ikinji orunda Singapur – Nýuark ugry ýerleşýär. Uçar reýtingiň lideri bilen tas deň aralygy geçýär. Üçünji orny bolsa Awstraliýanyň iň uly awiakompaniýasy Qantas-yň gatnawy: Pert – London eýeleýär (bir tarapa 14.500 km-den sähel az).


düýn 15:50
4k+

Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar....

düýn 15:16
2k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

17.04.2026 00:04
6.2k+

Singapurly tälimçi asylmak boýunça goýan rekordyny ogluna bagyşlady

Singapurly tälimçi we ýoga mugallymy Razif Ýusoff öz bedenine goşmaça 176,1 kilogram agramy berkitmek we hereketsiz asylyp durmak bilen, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi....

16.04.2026 20:55
3.3k+

ABŞ-da kuwwaty 100 ýyla ýetýän ýadro batareýasy oýlap tapyldy

Amerikanyň NRD LLC kompaniýasy hiç hili hyzmat talap etmezden 100 ýyllap pes güýçli elektronikany energiýa bilen üpjün edip bilýän NBV gaty jisimli ýadro batareýasyny döretdi. Enjam nikel-63 izotopynyň......