Türkmenistanda 1-nji sentýabrda däp bolan çäreler geçiriler, birinji synplara kompýuterler gowşurylar

  • 27.08.2022 16:39
  • 18k+

1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli çäreler geçiriler. Olar barada 26-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Amannepesow hasabat berdi.

Has anygy, şol günde Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçiriler. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guralar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen ilkinji okuw sapaklary geçiriler. Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrar.

Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatly sowgatlary — kompýuterleri gowşurmak dabarasy göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, sentýabr aýynyň dürli wakalara örän baý boljakdygyny belledi. “1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. Şol gün siziň ähliňiz meýilnama laýyklykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinee baryp, ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlarsyňyz” diýip, döwlet Baştutany tabşyrdy. Şeýle-de 1-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçiriler.


şu gün 18:58
402

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......