Serdar Berdimuhamedow “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

  • 27.08.2022 16:17
  • 9.5k+

Şu gün — 27-nji awgustda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Oňa ýaş aýdymçylaryň 12-si gatnaşmaga hukuk gazandy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli her ýylda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň geçirilmegi aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge uly ýardam berýär. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi sungat äleminiň geljekki parlak ýyldyzlaryny kemala getirýär. Munuň özi Aşgabat şäherindäki hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň aýdym-saz sungatyna söýgüsini artdyrmakda möhüm işleriň bitirilýändigini görkezýär” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

Şeýle-de: “Biz ýaş aýdymçylarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerini wasp edip ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryna uly ähmiýet berýäris. Sungat ynsan kalbyny joşdurýan gudratdyr. Aýdym-saz sungatymyz ildeşlerimiziň watançylyk duýgularyny terbiýeleýän we ösdürýän ruhy güýçdür. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, täze eserler bilen baýlaşdyrmakda ýaş aýdymçylara uly orun degişlidir” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş aýdymçylarymyzyň halypalaryň döredijilik mekdebini geçip, türkmen sungatyny has-da ösdürjekdiklerine pugta ynanýandygyny nygtady.


şu gün 01:36
669

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 14:06
5.5k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 14:01
5.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
6.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....