ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary 1985-nji ýylyň derejesine çenli peseldi

  • 25.08.2022 13:23
  • 7.7k+

13-19-njy awgust aralygynda ABŞ-yň strategik nebit gorlary 8,1 mln barrel kemelip, 453,1 mln barrele düşdi, netijede 1985-nji ýylyň ýanwaryndan bäri bu rekord ýagdaýdyr. Bu barada 23-nji awgustda ýurduň energetika ministrliginiň maglumatlaryndan mälim boldy.

Business Insider-iň maglumatlary boýunça çig mal ugradylanda sowadyjy goşundynyň ulanylýandygy sebäpli nebitiň gelmesi haýallapdyr. Ondan hem başga, makaladan belli bolşuna görä, ätiýaçlyklaryň kemelmesi awgustyň başyndan bäri dowam edýär, sebäbi ABŞ ýurtda benziniň bahasyny düşürmek üçin ätiýaçlygyndaky nebiti ulanýar.  
Ýurtda puluň hümmetini saklamaga synanyşykda prezident Jo Baýdeniň dünýä bazaryna rekord göwrümdäki çig nebiti goýbermegi karar edeni üçin, ýylyň başyndan bäri nebitiň ätiýaçlygy 160 mln barreldenem köp kemeldi.  


düýn 21:08
7.1k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...