Geçen çärýekde Xiaomi-niň arassa girdejisi 83% pese gaçdy

  • 23.08.2022 16:43
  • 6.4k+

Xiaomi kompaniýasy smartfonlaryň bazarynda islegiň peselmegi bilen mese-mälim zyýan çekdi. Kompaniýanyň soňky maliýe hasabatyndan görnüşi ýaly, onuň arassa girdejisi görlüp-eşidilmedik 83%, 204 mln dollara çenli pese gaçdy. Bu hatda kompaniýanyň öz çaklamasyndanam pes boldy. Şu ýagdaýda düşewindiň peselişi ondan esli ganymat boldy: 20%, 10,3 mlrd dollara çenli, bu köp däl, ýöne çaklamalardan ýokary.

Geçen çärýekde Hytaýda Xiaomi smartfonlarynyň üpjün edilişi 22% pese gaçdy, şonda ol ýeriň tutuş bazary 14,7% kemeldi. Xiaomi-niň pese düşmegi bazaryň öňdebaryjylarynyň arasynda hasam gowy duýuldy. Xiaomi Hindistanda hem urga sezewar boldy. Ol ýerde hökümet hytaýly smartfon öndürijileriň bahasy 150 dollardan aşak bolan gurluşynyň satylmagyna gadaganlyk girizmek kararyna geldi. Dogry, bu entek Xiaomi-niň söwdasyna zyýanyny ýetirmäge ýetişmedi.


14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.6k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

07.03.2026 18:05
3.3k+

Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar...