Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar

  • 22.08.2022 08:10
  • 12k+

Özbegistan bilen Saud Arabystany Garagalpagystanda dünýäde iň iri ýel parkyny gurmak hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrligi habar berdi.

Iki ýurduň energetika ministrleriniň duşuşygynyň barşynda saud kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan 12 mlrd dollarlyk hyzmatdaşlyk boýunça üç resminama gol çekildi. "Garagalpagystan Respublikasynda ACWA Power kompaniýasy tarapyndan kuwwaty 1,5 GWt bolan ýel parkynyň gurluşygy boýunça ylalaşyk şolaryň birinji resminamasydyr. Agzalan taslama diňe bir sebitde iň iri ýel eletrostansiýasy bolman, eýsem, tutuş dünýäde hem iň ulusy bolar"  - diýip, habarda aýdylýar.
Ministrligiň maglumatlary boýunça, ÝES-niň kuwwaty 1,65 mln hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýeter we ýylda 2,4 mln tonna uglerod zyňyndylarynyň öwezini tutar diýip göz öňünde tutulýar.


şu gün 12:11
5.9k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

29.05.2026 08:03
7.7k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

19.05.2026 08:02
5.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....