NASA 2025-nji ýylda astronawtlaryň Aýyň niresine düşürilip bilinjegi barada aýtdy

  • 21.08.2022 20:38
  • 7.9k+

ABŞ-nyň Aeronawtika we älem giňişliginiň barlagy boýunça milli müdirligi (NASA) ABŞ-nyň Artemis ("Artemida") Aý maksatnamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylda Aýyň Günorta polýusynda astronawtlary düşürmek üçin bellenen 13 ýeriň sanawyny köpçülige ýetirdi. 

NASA-nyň saýtyndaky habara görä, Starship HLS raketasyny düşürmäge mümkinçilik bolan ýerler hökmünde şu aşakdaky ýerleri saýlady:
Şeklton krateriniň ýanyndaky belentlik, Faustini krateriniň gyrasy, De Gerlah krateriniň iki gyrasy, Şeklton we de Gerlah kraterlerini bireşdirýän dag gerşi we oňa ýanaşyk ýer, Hauort krateri, Nobile krateriniň gyralary, Amundsen krateriniň gyrasy, Leýbnis Beta belentligi, de Gerlah-Kohera we Malaperta giňişlikleri.

Amerikanyň kosmos pudagynyň maglumatlary boýunça, saýlanan ýerleriň her biriniň meýdany 15x15 km. "Saýlananlaryň" ählisi Aýyň günorta polýusyndan alty gradus giňişligiň çäklerinde ýerleşendir we dürli geologik aýratynlyklara eýedir.  
Astronawtlary düşürjek Starship HLS raketasy Artemis 3 missiýasynyň uçuşynyň ähli mümkin bolan wariantlarynyň çäklerinde olaryň haýsy bolsa-da birine gonup biler.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....